Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglara has köp maýa goýum goýberýän “Mercedes” kompaniýasy täze ýük ulagyny tanyşdyrdy. “eActros 600 EV” atly ulag gibrid görnüşli bolup, üç batareýa bilen üpjün edilipdir. Bir gezekki zarýady bilen 500 km ýol geçip bilýän ulag “Tesla Semi”-niň esasy bäsdeşi bolar. Daşky dizaýny aýlawly we aerodinamika babatda ösen bolup, sürüjiniň rahatlygy göz öňünde tutulypdyr. Ulagyň öň tarapynda LED çyralar bar. Ýük göterijiligi 22 tonna bolan ulag bir günde müň kilometrden gowrak ýol geçip bilýär. Nemes brendi ulagyň adaty ýangyçly ulaglary ýaly berkdigine ünsi çekip, 1,2 million kilometr ýol geçip boljakdygyny habar berýär. Şeýle hem ulagyň batareýasy 10 ýyl ulanylandan soňra hem 80 göterim derejesinde işlemegini dowam eder.
Ulagyň bahasy adaty ýangyçly “ekiztaýyndan” 2,5 esse gymmat. Şeýle-de bolsa, ulagyň ýangyç üçin has az çykdajy talap etmegi netijesinde uzak wagtda özüni ödejekedigi bellenilýär.
Serdar Nurmuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









