1958-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda “Pan American” awiakompaniýasy “Boeing 707” ýolagçy uçary bilen ilkinji gatnawy amala aşyrdy. Dört hereketlendirijili “Boeing 707” uçarynyň täjirçilik maksatly ilkinji uçuşyny Nýu Ýork-Pariž aralygynda amala aşyryldy. Bu uçaryň içki dizaýny keseligine alty ýolagçy oturmaga niýetlenen bolup, has köp ýolagçy alýardy. Howa gämisinden 1979-njy ýyla çenli jemi 1010 sanysy öndürildi.