Dünýä aşhanasynda käbir tagamlar «doglan» şäherleri bilen meşhurlyk gazanyp, şol şäheriň adyny göterýär. Şol bir tagamyň dürli sebitde taýýarlanýandygyna garamazdan, ony dörän ýerinde dadyp görmek aýratyn lezzet berýär. Syýahatçylyk pudagynda aşhana hyzmatyna uly üns berilýär. Syýahatçylar dynç alýan şäherlerinde fransuz, italýan, hytaý we ýakyn gündogar aşhanalarynda myhmançylykda bolmak bilen, diňe şol şähere mahsus ýerli tagamlary hem dadyp görýärler. Gazetimiziň şu sanynda şäherler bilen atdaş tagamlaryň käbiri barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris!
Wena şniseli. Wena barýan syýahatçylaryň köpüsi şnisel restoranlaryna barman gaýdanok. Köp ýurtda üwelen towuk etinden taýýarlanýan bu tagam wena aşpezçilik däplerine laýyklykda çylka göle etinden taýýarlanýar. Italýanlar Wena şniselinden nusga alyp, şoňa meňzeş «Cotoletta alla Milanese» tagamyny döredendiklerini belleýärler. Awstriýa medeniýetinde çörek owuntyklary bilen daşy örtülip, gyzardylyp gowrulan et (şnisel) XIX asyrdan bäri meşhur tagamlaryň biri hasaplanýar.
Pekin ördegi Ming neberesi döwründe oýlanyp tapylan milli tagamlaryň biri bolup, asyrlarboýy halk arasynda meşhur iýmit hasaplanypdyr. Pekinde ilkinji pekin ördegi restorany XV asyrda açylýar. Bu restoran häzirki wagtda hem müşderilere hyzmat edýär. Restoranda ördegiň bu görnüşi ýapyk peçlerde haýaljakdan bişirilýär. Pekin ördegi ýumşaklygy we şireliligi bilen tapawutlanýar.
Buffalo ganatlary, ýagny huruşly towuk ganatlary restoranlarda iň köp sargyt edilýän tagamlaryň biridir. Ilkibaşda iň köp ilatly şäherleriň biri bolan Buffaloda peýda bolan bu tagam, soňlugy bilen tutuş Nýu-Ýorka we Amerikanyň beýleki sebitlerine ýaýraýar. Buffalo ganatlary taýýarlananda ilki ýarymyndan kesilip, marinad edilýär. Soňra gaty gowrulyp, ýagy süzülenden soň üstüne gyzyl burçly huruş guýlup, müşderilere hödürlenýär.
Bolon batyrmasy. Italýan aşhanasynyň meşhurlygyna Bolonýa hem öz goşandyny goşupdyr. Bu şäherde taýýarlanýan bolon batyrmasy her bir syýahatçyda uly täsir galdyrýar. Bolon batyrmasyna käşir, seldereý (ukroba meňzeş ot), sogan, et, käbir ýagdaýlarda-da pomidor hem goşulýar. Bolon batyrmasy, adatça gaýnadylan italýan unaşy (tagliatelle) bilen bilelikde berilýär.
Ýorkşir pudingi. Angliýanyň demirgazyk sebiti bolan Ýorkşir şäherinde taýýarlanýan puding meşhur tagamlaryň biri hasaplanýar. Ýorkşir pudingine un, ýumurtga, ýag we süýt goşulyp, öňünden gyzdyrylan tegelek gaplarda bişirilýär. 1700-nji ýyllarda peýda bolan kömelege meňzeş bu tagamyň içine ilkibaşda etli batyrma goýlup iýlipdir. Soňlugy bilen Ýorkşir pudingi şokolad bilen örtülip, meşhur süýjülikleriň birine öwrülýär.