Moto GP boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Tailandyň Buriram şäherinde geçirildi. 26 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Ducati Prima Pramac” toparynyň ispan sürüjisi Horge Martin ýeňiji boldy. Ol 39 minut 40,045 sekuntda pellehanadan geçip, möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 4-nji ýeňşini gazandy. Martinden 0,253 sekunt soň pellehana gelen “Ducati Lenovo” toparynyň italýan piloty Françesko Banaia 2-nji ýeri eýeledi. “Red Bull KTM” toparyndan günorta afrikaly sürüji Bred Baýnder 3-nji orna mynasyp boldy. Ol aslynda 2-nji ýeri eýeläpdi, ýöne jerime alyp, 3-nji orna düşürildi. Italiýaly Marko Bezzekkiniň (“Mooney VR46 Racing”) 4-nji bolan ýaryşynda fransiýaly Fabio Kuartararo (“Monster Energy Yamaha”) ýaryşy 5-nji orunda tamamlady.
Sprint ýaryşynda-da Horge Martin 1-nji, Bred Baýnder 2-nji, Luka Marini 3-nji ýeri eýeledi. Françesko Banaia bolsa 7-nji orna mynasyp boldy.
Möwsümiň tamamlanmagyna 3 ýaryş galanda, çempionlyk ugrunda 2 sürüjiniň arasyndaky ýiti göreş dowam edýär. Françesko Banaianyň 389, Horge Martiniň 376 utugy bar. Bezzekki 310, Baýnder 249 utuk bilen 3-4-nji orunlarda barýarlar.
Moto GP-de möwsümiň 18-nji “Gran Prisi” 12-nji noýabrda Malaýziýanyň Sepang şäherinde geçiriler.