Hytaýly bir gyz özüni halas eden ýangyn söndürijä durmuşa çykdy. Olaryň toýda düşen suratlary, Fussýan welaýatynyň Fuçžou şäherinde bolup geçen dartgynly wakadan üç aý soň internetde peýda boldy. Bu barada “The Thaiger” saýty habar berýär.
Haçan-da, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde ýangyn dörände, ýagdaýdan çykalga gözleýän gyz aşak gaçan bolsa, gürrüňsiz heläk boljakdy. Ýangyn söndürijileriň topary ony halas etmäge gyssandylar, ýöne gyz iň soňky pursatlarda kornizden asyl-asyl bolup galdy. Halas edijileriň biri ýoldaşlary gelip ýetişýänçä, onuň elinden berk ýapyşyp saklady. Olaryň ählisi bilelikde ony binanyň üstüne çekip çykardylar. Bu ýerde bolup geçen wakany garşysyndaky binanyň ýaşaýjylary surata düşürdiler.
Internet ulanyjylar halasgäre we halas edilen gyzyň nikalaşandygy baradaky habarlara duýgudaşlyk bildirip seslendiler.
-Halasgär ol gyzyň kalbyndaky tümlügi ýok edýän ýagtylyga öwrüldi. Men onuň şol pursatda näme zatlary başdan geçirendigini bilemok. Ýöne indi durmuşa ynanyp, özüniň ýakyn adamy bilen bagtly durmuşda ýaşar diýip umyt edýärin – diýlip, internet ulanyjylaryň biri olaryň suratynyň aşagyndan ýazypdyr.