Ýaponiýanyň «Toyota» kompaniýasynyň global satuwy aprel-sentýabr aýlaryny öz içine alýan alty aýyň dowamynda 8,3 göterim artyp, 5,6 million birlige ýetipdir. Maliýe ýylynyň ilkinji alty aýy bolan bu döwürde ýapon kompaniýasy global hyzmatdaşlary «Daihatsu» hem-de «Hino» brendleri hem goşulanda ösüş 10 göterim bolup, 5,7 million birlige ýetipdir.
«Toyota» we «Lexus» awtoulaglarynyň satuwy Afrikada 22 göterim artyp, dünýäniň beýleki sebitlerinden görnetin tapawutlanypdyr. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda 17 göterim, Demirgazyk Amerikada 9,4 göterim we Ýewropada 7 göterim ösüş hasaba alnypdyr. «Toyota»-nyň elektroulag satuwy bolsa, degişli döwürde 38 göterim artyp, 1,8 milliona ýetipdir.
Hojamuhammet HOJAMUHAMMEDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.