Niderlandlar, Germaniýa we Belgiýa senagat merkezleriniň arasynda wodorod geçirijisini gurup başlady. Bu barada tebigy gaz infrastrukturasyny gurmak we dolandyrmak bilen meşgullanýan «Gasunie» kompaniýasy habar berýär. Bahasy 1,5 milliard ýewro boljak taslamanyň birinji tapgyryny «Visser & Smit Hanab» atly kompaniýa durmuşa geçirer. 2030-njy ýyldan başlap, Germaniýanyň we Belgiýanyň käbir ýerleri, şeýle hem Niderlandlaryň köp ýeri bir bitewi ulgama birikdiriler.
Soňky ýyllarda Ýewropa ýurtlarynda arassa energiýa hökmünde wodorod ýangyjyna aýratyn üns berilýär. Geçen ýylyň ahyrynda Ýewropa Bileleşigi, Fransiýa, Ispaniýa we Portugaliýa Liberiýa ýarym adasyndan Fransiýa H2Med suwasty wodorod gaz geçirijisini döretmek maksady bilen ýol kartasy barada ylalaşypdylar.
Döwletjan HATAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.