Türki döwletleri guramasynyň (TDG) agza ýurtlarynyň arasyndaky eksport-import amallarynyň mukdary ýylda 42 milliard dollara ýetdi. Bu barada guramanyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Astanada geçirilen sammitinde aýtdy.
-Ýene-de bir möhüm ýagdaý ykdysady integrasiýany güýçlendirmek bolup, şu gün bilelikdäki söwda dolanyşygymyz 42 milliard dollara ýetdi – diýip, Baş sekretar aýtdy. Onuň sözlerine görä, gazanylan üstünlikler guramanyň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Kubanyçbek Omuraliýew Türki döwletleri guramasynyň 2021-nji ýylda 47, 2022-nji ýylda 62 çäräni gurandygyny aýtdy. Şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, ulag, gümrük hyzmatdaşlygy, howpsuzlyk we bilim ugurlarynda geçirilen çäreleriň sany 110-a ýetdi.
Esasy Dünýä täzelikleri Türki döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygy ýylda 42 milliard dollara ýetdi