1922-nji ýy­lyň 4-nji no­ýab­ryn­da Mü­sür­de Tu­tan­ha­mo­nyň ma­za­ry Ho­ward Kar­ter ta­ra­pyn­dan ta­pyl­ýar. Bu açyş Mü­sü­riň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­dä­ki iň uly açyş ha­sap­lan­ýar. Şon­dan bä­ri Pa­ty­şa­lar jül­ge­si at­ly ýer dün­ýä­niň ta­ryh­çy­la­ry­nyň has köp ün­sü­ni çek­di. Bu ýer­de dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň ta­ryh­çy­la­ry we mü­sür­şy­nas­la­ry ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ril­di. Pa­ty­şa­lar jül­ge­si 1979-njy ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär.
18-nji Mü­sür ne­be­re­si­niň fa­rao­ny bo­lan Tu­tan­ha­mon, mi­la­dy­dan öň­ki 1332-nji ýyl­dan 1323-nji ýy­la çen­li Mü­sü­ri do­lan­dy­ryp­dyr.