Formula 1-de bassyr 3-nji çempionlygyny yglan eden “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňişden doýanok. Möwsümiň 20-nji ýaryşy Braziliýanyň Sao-Paulo şäherindäki Hoze Karlos Peýsiň adyny göterýän awtodromynda geçirilip, ilkinji hatardan başlan Werstappen 71 aýlawy 1 sagat 56 minut 48,894 sekuntda tamamlady. Bassyr 5-nji, möwsümdäki 17-nji ýeňşini gazanan Werstappen özüne degişli bir möwsümde iň köp bäsleşikde ýeňiji bolan sürüji rekordyny ösdürdi. Sokňy 16 ýaryşyň 15-sinde ýeňiş gazanan Werstappeniň umumy birinjilikleriniň sany-da 52-ä ýetdi. 26 ýaşyndaky sürüji sprint bäsleşiginde-de ýeňiş gazanmagy başardy.

Braziliýa “Gran Prisinde” “McLaren” toparynyň britan sürüjisi Lando Norris 2-nji, “Aston Martin” toparynyň ispaniýaly piloty Fernando Alonso 3-nji ýeri eýeledi.

Möwsümiň 21-nji ýaryşy 18-nji noýabrda ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçiriler.