8-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy.
Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi.
Duşuşygyň barşynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Oňa gatnaşyjylaryň ünsi aýratyn-da parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady ösüş, «ýaşyl» özgerişlik we energiýa çeşmelerinden durnukly peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine gönükdirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň we «G7» ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň her bir ýurduň aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutup, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanmalydygyny nygtady. Özara gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiligiň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga we Merkezi Aziýanyň dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryna üstünlikli goşulyşmagy şertlerinde netijeli ulanylyp bilinjekdigine ynam bildirildi.
Türkmen tarapy duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen birnäçe tekliplere çekdi, olar Merkezi Aziýa we «G7» döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan hem möhüm häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlyk we durnukly ösüş, wodorod energetikasy, ulag we logistika, howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlarda, şeýle hem energiýa kuwwatlylygy ösdürmek, şol sanda, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.