Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp, Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, şol sanda çagalar üçin ýörite egin-eşiklerden, ýorgan-düşeklerden, aýakgaplardan, azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybaratdyr.
Dost-doganlyk, goldawa mätäçlere duýgudaşlyk bildirmek hem-de kömek etmek milletimiziň ynsanperwer ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegidir. Şunuň ýaly ynsanperwerlik kömegi çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen adamlar üçin ruhy daýanja öwrülýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň binýadynda türkmen halkynyň asylly, ynsanperwer gymmatlyklary durandyr.
Gazna esaslandyrylan pursadyndan bäri iş ugurlaryny yzygiderli giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýär. Çagalar, olaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi barada hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň esasy maksady diňe bir ýaş türkmenistanlylary däl, eýsem, zerurlyk bolan ýagdaýynda beýleki ýurtlaryň çagalaryny hem goldamakdan ybaratdyr. Çünki ýaş nesil biziň geljegimizdir. Gazna tarapyndan birnäçe döwletleriň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şeýlelikde, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berýär.