Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry ama­la aşyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Daş­kent­de öz işi­ne baş­lan Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň 16-njy mej­li­si­ne gat­naş­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de dür­li ugur­lar­da öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň ga­raý­şy­ny be­ýan eder.
Ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry, şol san­da YHG bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk et­mek Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ugyr­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu Gu­ra­ma dö­re­di­len pur­sa­tyn­dan bä­ri onuň meý­dan­ça­sy ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak we ös­dür­mek üçin ne­ti­je­li gu­ra­la öw­rül­di.
Türk­me­nis­tan 1992-nji ýyl­dan bä­ri bu Gu­ra­ma­nyň ag­za­sy bol­mak bi­len, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýar hem-de YHG gat­na­şy­jy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň ös­dür­ýär. Bu dü­zü­miň çäk­le­rin­dä­ki bi­le­lik­dä­ki işiň do­wa­myn­da uzak­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak üçin berk bin­ýat dö­red­ýän tej­ri­be top­la­nyl­dy.
2021-nji ýyl­dan bä­ri Gu­ra­ma­da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan ýö­ri­te iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, bu jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de hem­me­ta­rap­la­ýyn oý­la­ny­şyk­ly, anyk ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len çe­me­leş­mä­ni gör­kez­di. Hu­su­san-da, bu dö­wür üçin ýur­du­myz sy­ýa­sat­da, söw­da­da, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gyn­da üýt­gäp dur­ýan ýag­daý­lar bi­len bag­ly­lyk­da, YHG-niň işi­niň ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­ny, ulag, ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ryn­da yzy­gi­der­li we anyk hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy, bu hyz­mat­daş­ly­gyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy­ny, eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň paý­la­şyl­ma­gy­ny hem-de tej­ri­be al­şyl­ma­gy­ny esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di. Se­bit, yk­lym we dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na tä­sir eden äh­lu­mu­my pan­de­mi­ýa ýag­da­ýyn­da mu­nuň özi has-da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň 15-nji sam­mi­ti­niň 2021-nji ýy­lyň 28-nji no­ýab­ryn­da YHG-niň gü­nün­de Aş­ga­bat­da gu­ra­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Onuň ne­ti­je­sin­de jem­leý­ji res­mi­na­ma – He­re­ket­le­riň Aş­ga­bat Yla­la­şy­gy ka­bul edil­di.
YHG-niň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ry me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak, şeý­le hem YHG-niň gi­ňiş­li­gin­dä­ki yk­dy­sa­dy se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm we ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek üçin oňat müm­kin­çi­lik bo­lup hyz­mat ed­ýär.