Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Daş­kent­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (YHG) 16-njy mej­li­sin­de çy­kyş edip, YHG-niň ýurt­la­ry­na ibe­ril­ýän te­bi­gy ga­zyň we elekt­roe­ner­gi­ýa­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ry­nyň umu­my dur­nuk­syz ýag­daý­da bol­ma­gy, YHG-niň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk mo­de­li­ni iş­läp düz­mek üçin esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.
«Bu, il­kin­ji no­bat­da, tä­ze se­na­gat we oba ho­ja­ly­gyň kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy, inf­rast­ruk­tu­ra des­ga­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy we bi­le­lik­dä­ki önüm­çi­lik tas­la­ma­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­me­gi bo­ýun­ça bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň bar­ha art­ýan ener­ge­ti­ka is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin ze­rur­dyr» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz Türk­me­nis­tan bir­nä­çe bi­le­lik­dä­ki iri ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny öňe sü­ren­di­gi­ni we ola­ra YHG-niň kä­bir ýurt­la­ry­nyň hem gat­naş­ýan­dy­gy­ny aý­dyp geç­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz YHG gi­ňiş­li­gi­ni öz içi­ne al­ýan ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, hyz­mat­daş ýurt­la­ry­my­zy ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da öza­ra iş­le­ri­mi­zi gi­ňelt­mä­ge ça­gyr­dy.
«Men öz ta­ra­pym­dan, hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan we gel­jek­de gu­rul­jak kuw­wat­lyk­lar ar­ka­ly YHG-niň ýurt­la­ry­na ibe­ril­ýän te­bi­gy ga­zyň we elekt­roe­ner­gi­ýa­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň taý­ýar­dy­gy­ny aý­dyp bi­le­rin» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow nyg­ta­dy.