9-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Roberto Manalonyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işiniň türkmen-filippin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi.
Diplomatlar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen doly göwrümli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdygyny belledi we şu nukdaýnazardan Filippinler Respublikasy bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny aýtdy.
Taraplar abraýly sebit we halkara gurluşlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Filippinleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini hem bellediler.