Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady.
«Türkmentel-2023» halkara sergisine we ylmy maslahatyna Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Ýaponiýa, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Hytaý, Gazagystan, Fransiýa we Türkiýe ýaly dünýäniň birnäçe ýurdundan belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Şolaryň hatarynda, Hytaýyň «Huawei», «Hytera», Türkiýäniň «Mia Teknoloji» we PTT, ABŞ-nyň DHL, «Motorola Solutions», Gyrgyzystanyň «Kyrgyz poçtasy», «Kyrgyztelekom», Russiýanyň «Rostelekom», MTT, Azerbaýjanyň «Delta Telecom», «Azer Telecom», Finlýandiýanyň «Nokia», Fransiýanyň «Eutelsat», Ýaponiýanyň NEC, «Trend Micro», Gazagystanyň «Kazahtelekom» we GSMA Halkara mobil aragatnaşyk operatorlarynyň assosiasiýasy bar.
Hormatly Prezidentimiz halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny ugratdy. Gutlagda Türkmenistan öz çäginde halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasion merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar–Günbatar, Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam edýär. «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar hem-de öz goşandyny goşýar diýlip bellenilýär. Halkara serginiň we maslahatyň dowamynda ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşýan alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça tejribe alyşýarlar.
Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt–2023» innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylar öz sanly önümlerini işewürler jemgyýetine görkezmäge mümkinçilik alarlar.
Şeýle hem çäräniň çäginde Türkmenistanyň döwlet we hususy guramalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Türkmentel-2023» halkara sergisi we ylmy maslahaty sebitdäki maglumat we ylmy-tehnologiki taýdan ähmiýetli, ýokary derejeli çäreleriň biri bolup, bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenlere telekommunikasiýa, innowasiýa we ýokary tehnologiýa pudagynda tejribe we täze pikirler alyşmaga mümkinçilik döredýär.
«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty şu gün öz işini tamamlaýar.