Por­tu­ga­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mar­se­lu Re­be­lu de Sou­za 2024-nji ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da möh­le­tin­den öň par­la­ment saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bu ha­bar Prem­ýer-mi­nistr An­to­niu Koş­ta­nyň we­zi­pe­sin­den çe­kil­ýän­di­gi­ni mä­lim eden­den soň ha­bar be­ril­di.
Pre­zi­dent te­le­wi­de­ni­ýe­de eden ýüz­len­me­sin­de Res­pub­li­ka­nyň As­samb­le­ýa­sy­ny (bir pa­la­ta­ly par­la­men­ti) ýa­ty­ry­lyp, möh­le­tin­den öň par­la­ment saý­law­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Por­tu­ga­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­men­ti 2024-nji ýy­lyň býud­je­ti­niň ka­nu­ny tas­la­ma­sy­ny 31-nji okt­ýabr­da il­kin­ji oka­lyş­da tas­syk­la­dy we gu­tar­nyk­ly ses be­riş­lik 29-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­ler.
Pre­zi­dent Mar­se­lu Re­be­lu de Sou­za Prem­ýer mi­nistr we­zi­pe­sin­den çe­ki­len An­to­niu Kos­ta “jem­gy­ýet­çi­lik işi­ne eden hyz­mat­la­ry” üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.