Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, seýilgähiň, ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollarynyň hem-de daşarky eltiji we içerki agyz suw, lagym geçiriji ulgamlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak, binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.