10-njy noýabrda “Sanly çözgüt – 2023” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu dabara “Türkmentel – 2023” halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Bäsleşige hödürlenen jemi 42 sany taslama işi degişlilikde 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlara mynasyp görüldi.
Bäsleşige talyplar, mekdep okuwçylary we dürli pudaklaryň wekilleri ýedi ugur boýunça 320-ä golaý taslama hödürläpdiler. Robototehnikadan başlap, programma üpjünçiligine çenli biri-birinden üýtgeşik taslamalaryň düzüjileri ýeňiji adyna mynasyp bolmak üçin ýaryşdylar.
Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi her ýylda geçirilýär.
Ýeňijilere diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.