10-njy noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 9-njy noýabrda Daşkentde geçirilen 16-njy sammitine gatnaşmagynyň jemleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki duşuşykda beýan eden başlangyçlaryny we olardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen teklipler taýýarlanyldy.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek, YHG bilen hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üstaşyr ulag gatnawlary boýunça Çarçuwaly ylalaşygyny” hem-de oňa degişli Teswirnamany tassyklamak boýunça degişli işleri amala aşyrmak teklip edilýär.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň sammitdäki çykyşynda serhetýaka we sebit söwdasyny ösdürmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerini doly ulanmak baradaky meselä deglip geçildi. Bu babatda ýurdumyz goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek we şu maksat bilen, YHG-nyň hünärmenlerini çekmek boýunça teklip beýan edildi. “Türkmenistanyň 2024-2025-nji ýyllar üçin syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek babatda Mary şäherini 2027-nji ýylda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty” diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri görmek teklip edilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara we sebit guramalarynda, hususan-da, YHG-da wekilçilik etmegine degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we gurama agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtady.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz B.Niýazliýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, şol bir wagtda, Sloweniýa Respublikasyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewi belledi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine M.Kuliýewa bellenilip, ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine M.Çaryýew bellenilip, ol şol institutyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.