Paý­tag­ty­my­zyň ýe­ne bir sport baý­ram­çy­ly­gy – Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty 23–28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­ler.
Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na 50 döw­let­den 236 tür­ge­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Ku­raş spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri ha­bar ber­ýär.
Sport bi­ler­men­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da türk­me­nis­tan­ly, öz­be­gis­tan­ly we eý­ran­ly tür­gen­le­riň has köp me­da­la my­na­syp bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, çem­pio­nat­da me­dal­la­ryň 60-sy üçin gö­re­şi­ler. Bu bol­sa her ag­ram de­re­je­sin­de dört tür­ge­niň me­dal ga­za­nyp bil­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär. Has ta­ky­gy, ag­ram de­re­je­le­ri­niň her bi­rin­de bir al­tyn, bir kü­müş we iki sa­ny bü­rünç me­da­lyň eýe­si kes­git­le­ner.
Dün­ýä çem­pio­na­ty ag­ram de­re­je­le­ri­niň 15-si bo­ýun­ça ge­çi­ri­ler. Ola­ryň 7-si er­kek­le­riň, 8-si bol­sa ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky ýa­ry­şa de­giş­li­dir. Has ta­ky­gy, er­kek­le­riň ara­syn­da 60, 66, 73, 81, 90 we 100 ki­log­ra­ma çen­li hem-de 100 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry; ze­nan­la­ryň ara­syn­da 48, 52, 57, 63, 70, 78 we 87 ki­log­ra­ma çen­li we 87 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­le­rin­de ýa­ryş­lar ge­çi­ri­ler. Türk­me­nis­tan Dün­ýä çem­pio­na­ty­na 15 tür­gen bi­len gat­na­şar.