16-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy we bu ýer­de Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­la­ry bi­len tan­şyp, de­giş­li ýol­baş­çy­lar bi­len iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da ýur­duň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýer T.Ata­hal­ly­ýew Ar­ka­dag şä­he­rin­de Oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň hem-de yl­my-önüm­çi­lik tej­ri­be meý­dan­ça­la­ry­nyň tek­lip edil­ýän Baş me­ýil­na­ma­sy, Ar­ka­dag şä­he­rin­de Oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň yl­my-önüm­çi­lik tej­ri­be meý­da­ny, şun­da ýü­pek­çi­lik we ösüm­lik­le­ri go­ra­mak iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge, ot-iým­lik ekin­ler, mi­we­li bag­lar we üzüm­çi­lik, ýy­la­dyş­ha­na top­lu­my, gök­çü­lik we bak­ja­çy­lyk, go­wa­ça hem-de bug­daý ek­mek üçin ni­ýet­le­nen ýer bö­lek­le­ri, ola­ryň möç­be­ri, sy­nag meý­dan­ça­sy­nyň tek­lip edil­ýän gör­nüş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tek­lip edil­ýän şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len tan­şyp, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri üçin ze­rur bo­lan yl­my açyş­la­ryň, bu ug­ra de­giş­li yl­my iş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tas­la­ma­la­ra tä­ze­den se­ret­me­gi, şeý­le hem bi­na­la­ry gur­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şi­gi ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
— Gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän yl­my-bar­lag önüm­çi­lik ins­ti­tut­la­ryn­da eke­ran­çy­lyk­dan bol ha­syl al­ma­gyň, mal­dar­çy­ly­gyň äh­li gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça ös­dü­ril­me­gi­niň, iň esa­sy­sy bol­sa, gök, bak­ja, mal­dar­çy­lyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň mun­dan beý­läk-de äh­li ugur­la­ry yl­my esas­da öw­re­nil­me­li­dir we ös­dü­ril­me­li­dir — di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di hem-de bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­lik­le­ri­niň, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň, Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň Yl­my-bar­lag dä­ne­çi­lik ins­ti­tu­ty­nyň, Yl­my-bar­lag eke­ran­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Yl­my-bar­lag pag­ta­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ýol­baş­çy­la­ry Ar­ka­dag şä­he­rin­de oba­se­na­gat top­lu­my­na de­giş­li yl­my-bar­lag önüm­çi­lik ins­ti­tut­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­nyň me­ýil­leş­di­ril­me­gi­niň pu­da­gyň yl­my esas­da ös­dü­ril­me­gin­de äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar we ka­bul edi­len çöz­güt­ler üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za top­lu­myň äh­li dü­züm­le­ri­niň we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de Oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň we ugur­daş dü­züm­le­riň, şol san­da yl­my-bar­lag we önüm­çi­lik ins­ti­tut­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­nyň ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de be­ril­ýän bi­li­miň tej­ri­be ar­ka­ly ber­ki­dil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şun­da uni­wer­si­tet­de bi­lim al­ýan ta­lyp­lar yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry bi­len gat­na­şyk­da bo­lup, eke­ran­çy­ly­gy, to­hum­çy­ly­gy yl­my esas­da has-da ös­dür­me­giň ugur­la­ry­ny iç­gin öz­leş­dir­me­li­dir­ler. Olar na­za­ry­ýet­de alan bi­lim­le­ri­ni tej­ri­be­de, yl­my önüm­çi­lik­de yzy­gi­der­li ber­kit­me­li­dir­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­la­ryň tä­ze yl­my açyş­la­ry­nyň we öňe sür­ýän tek­lip­le­ri­niň iç­gin öw­re­nil­me­li­di­gi­ni, ola­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni aýt­dy we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.