Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi şäheriň öňünde innowasion ösüşleriň iň häzirki zaman tejribesi hökmünde täze mümkinçilikleri açýar. Bu babatda şähergurluşygynyň aýrylmaz bölegi bolan sanly ulgam, ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hut şu aýratynlyklar hem bu şäheri «geljegiň şäheri» adyna eýe edýär.
Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýändigi nazara alnyp, bu ýeriň tebigy gözelligini saklamak üçin «ýaşyl» tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini hem nazarlaýar. Taryhy toprakda gurlan Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi sungatyň çeper sazlaşygyny emele getirýär. Arkadag şäherindäki dürli pudaklara degişli bolan desgalar binagärlik sungatynyň täze gazananlary bilen bir hatarda, milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däplerini özünde jemleýär. Gurlan her bir desganyň binagärlik taýdan gözelligi, daşky keşbiniň halkymyzyň arzuw-isleglerine kybap gelmegi arhitekturanyň esasy şertidir. Häzirki wagtda bu şäheriň ikinji tapgyryny gurmak işlerine badalga berildi. Şeýle hem şäheriň ýol-ulag düzümini has-da kämilleşdirmek ugrunda tagalla edilýär.
Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde guruljak we durky täzelenjek ulag ýollary, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, Arkadag şäheriniň çägini giňeltmek boýunça meýilleşdirilen işler barada birnäçe tabşyryklar berildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden täze kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň çägi giňeldildi. Gerimi barha giňeýän ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde döwrebap desgalaryň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munda halkara hyzmatdaşlygyna hem uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynda geçirilýän işewürler maslahatlarynda daşary ýurtly kompaniýalary Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga çagyrýar.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze şäher özüniň ekologik aýratynlyklary bilen hem haýran galdyrýar. Şonuň üçin bu ýerde ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ýola goýulmagy babatda giň tagallalar edilýär. Şeýle hem ýol-ulag düzüminde hereket edýän ulaglaryň hem bu kadalara laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniýa Federatiw Respublikasyna iberildi. Bu wekiliýet dostlukly ýurtda Arkadag şäheriniň tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän ekoulaglaryň aýratynlyklaryny, dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek meselelerini öwrenmek babatda gepleşikler geçirýärler.
Şäherde gurlan we ikinji tapgyrda guruljak ähli binalardyr desgalaryň, ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň, ekologik derejesiniň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we halkara tejribelere laýyk gelmegi pugta gözegçilikde saklanýar. Munuň özi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, arassa tebigy gurşawy emele getirmek, döwrebap, iň ýokary durmuş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
Aýgül GELENJÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.