Müňlerçe adadan emele gelen Indoneziýa baý tebigaty bilen syýahatçylyk babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Ýurduň Merkezi Ýawa welaýatynyň Salagita şäherinde bolsa, täsin myhmanhana köpleriň ünsüni çekýär. Ini 2,8 metre barabar bolan “PituRooms” atly myhmanhana binagär Ari Indranyň tagallasy bilen gurlupdyr. Bäş gatly binada jemi ýedi otag bar. Her bir otagda iki orunlyk ýatalga, hammam we hajathana bar. Otaglaryň içi indoneziýaly sungat ussatlary we interýer binagärler tarapyndan dizaýn edilipdir. Täsin myhmanhananyň gurulmagynyň sebäbi bolsa, şäheriň halkara derejede meşhurlygyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Ýurduň häzirki paýtagty Jakartanyň 480 kilometre günorta-gündogarynda Salatiga şäheri dynç almak üçin Jogýakarta, Surabaýa şäherlerine ýa-da golaýyndaky Bali adasyna barýan syýahatçylaryň arasynda o diýen meşhur däl. Şol sebäpli syýahatçylary bu ýere çekmek üçin “iň insiz myhmanhana” gurmak kararyna gelipdirler.