Meksikanyň Gwadalahara şäherinde ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Bu çempionatda Türkmenistana wekilçilik eden Gaýgysyz Töräýew(335 kg) we Şahzadbek Matýakubow(9367 kg) netije görkezip, kümüş medaly gazanmagy başardylar.
Gaýgysyz Töräýew birbada götermekde 151 kg, itekläp götermekde 184 kg galdyryp,umumylykda, 335 kg bilen kümüş medala mynasyp boldy.
Gaýgysyz 81 kg çenli agramda çykyş edip, 18 türgen bilen bäsleşdi. Bu bäsleşikde birinji orny gazak agyr atletikaçy gazanan bolsa, üçünji orny Gruziýadan gatnaşan Saba Asanidze eýeledi.
Şahzadbek Matýakubow bolsa, 96 kg agramda çykyş edip, umumylykda 367 kg agramy galdyryp, bu çempionatyň kümüş medalynyň eýesi boldy. Bu ýaryşda altyn medaly Eýranyň türgeni Alireza Nasiri gazandy. Ol umumylykda, 371 kg agramy galdyrdy.
Bäsleşikde baýrakly ornuň üçünji ornuna Ýaponiýadan Masasi Nisikawa çykyp, ol hem 362 kg agram göterdi.
Meksikanyň Gwadalahara şäherinde geçirilýän dünýä çempionaty 15-nji noýabrda başlady we 23-nji noýabrda tamamlanýar. Oňa 44 döwletden 229 türgen gatnaşýar. Türkmenistan bu bäsleşige 6 türgen bilen gatnaşýar.