BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň 28-nji maslahaty 30-njy noýabrda dünýäniň zyýan çeken ýurtlaryna howanyň üýtgemegi sebäpli ýitgiler bilen göreşmäge goldaw bermek üçin gazna döretmek baradaky şertnamany tassyklady.
Bu waka aýgytly ädim bolup, BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen COP28 maslahatynyň ilkinji gününde gazanylan üstünlik boldy. BAE-niň ýolbaşçylygyndaky birnäçe ýurt gazna üçin maliýe borçnamalaryny öz üstüne aldylar: BAE we Germaniýa 100 million dollar, Beýik Britaniýa – 40 million ýewro (takmynan 50,6 million dollar) we beýleki çykdajylar üçin 20 million ýewro,Ýaponiýa 10 million dollar, ABŞ bolsa 17,5 million dollar.
COP28 maslahatynyň web sahypasynda ýaýradylan beýanatda COP28-iň başlygy Soltan bin Ahmed al-Jaber bu gaznanyň “howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine uçran milliardlarça adama goldaw berjekdigini aýtdy. Şeýle hem beýanatda taraplaryň indi Parižiň howa boýunça şertnamasyny durmuşa geçirmekdäki ösüşine global baha bermäge ünsi jemländigi bellenilýär.
2022-nji ýylda Müsürdäki COP27 maslahatynda ylalaşylan ýitgileriň we zyýanyň öwezini dolmak boýunça gaznasy ösýän ýurtlaryň köpden bäri islegi bolup gelýär. Bu ýurtlar guraklyk, suw joşmalary we deňiz derejesiniň ýokarlanmagy ýaly ýygy-ýygydan aşa howa hadysalary zerarly zyýan çekýär.
Esasy Dünýä täzelikleri COP28-iň gatnaşyjylary täze howa gaznasyny döretmek baradaky şertnamany tassyklady