Gyş paslynyň gelmegi bilen biologik sagadymyzda birnäçe özgerişler bolup geçýär. Bu pasylda Günden gelýän şöhläniň peselmegi adamlarda sussupeslik duýgusyny döredýär. Uklamak üçin garaňkylygyň gerek bolşy ýaly, oýanmak üçin hem ýagtylyk zerur. Jahan ýagtylanda oýanmagy endik edinen bedenimiz gyşda günler gysgaldygyça garaňkylykda oýanmaly bolýar. Bu ýagdaý möwsümleýin depressiýa döredip, käbir alamatlary ýüze çykarýar.
Irden Gün şöhlesiniň düşmegi bilen bedenimizde bagt gormony bolan «seratonin» öndürilip başlanýar. Gyş paslynda garaňkylykda oýanýandygymyz sebäpli güne şadyýan başlamak kyn. Bu ýagdaý gowşaklyga, ünsüňi jemläp bilmezlige we ýygy-ýygydan ýüze çykýan dartgynly halatlara getirýär. Şeýle hem bedende D witamini ýetmezçilik edýär.
Bu oňaýsyz täsirleri azaltmak üçin, ilki bilen, ir ýatyp, ir turmagy endik etmeli. Irden turmak aňsat bolar ýaly öýde has ýagty çyralary ornaşdyrmaly. Mundan başga-da, Günüň şöhle saçýan wagty açyk howada gezelenç etmeli. Nahar wagtlaryny hem bedeniň biologik sagadyna görä sazlamaly. Gyş paslynda beloga baý önümleri, miwedir gök önümleri köpräk iýmeli.