Köp adam ir­den özü­ni ýa­daw duý­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ko­fe iç­me­gi en­dik edin­ýär. Ge­çi­ri­len soň­ky bar­lag­lar­da er­tir­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň uku­dan açyl­mak we özü­ňi şäh­da­çyk duý­mak üçin has tä­sir­li usul­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Mu­nuň üçin 20 mi­nut­lyk maşk ýe­ter­lik. Ang­li­ýa­nyň Ports­mut uni­wer­si­te­ti­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ryn­da er­tir­ki maş­kyň be­de­ni gurp­lan­dyr­ýan­dy­gy, gan aý­la­ny­şy ka­da­laş­dy­ryp, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýan­dy­gy hem-de şäh­di­ňi aç­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Bi­ler­men­le­riň her­si 12 meý­le­tin­çi­den dü­zü­len iki to­par­da bar­lag ge­çi­rip­dir. To­par­la­ryň bi­ri­ne 3 gün­läp di­ňe gi­je­si­ne 5 sa­gat uk­la­ma­ga rug­sat ber­lip­dir. Ola­ra her gün ir­den 7 iş tab­şy­ry­lyp­dyr, 20 mi­nut we­lo­si­ped sü­ren­den soň­ra bol­sa, şol tab­şy­ryk­la­ry gaý­ta­dan ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri so­ra­lyp­dyr. Ne­ti­je­de, meý­le­tin­çi­le­riň we­lo­si­ped sü­ren­den soň­ra şol iş­le­ri has go­wy ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri, şeý­le hem az uk­la­ma­gyň her ada­ma baş­ga­ça tä­sir ed­ýän­di­gi anyk­la­nyp­dyr.

Ba­har AGA­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.