Halkara pul gaznasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Bütindünýä banky we Bütindünýä Söwda Guramasy tarapyndan taýýarlanan maglumatda global sanly hyzmatlar söwdanyň 3 trillion dollardan geçendigi mälim edildi. Halkara guramalar tarapyndan taýýarlanan maglumatda geçen ýyl bu pudagyň pul dolanyşygy 3 trillion 320 milliard dollara ýetipdir. Maglumatda sanly hyzmatyň importynyň, esasan hem, ýokary girdejili ýurtlarda artjakdygy mälim edildi. Sanly hyzmatyň söwdasynyň global söwdanyň içindäki paýynyň 12 göterim töweregidigi bellenildi. Uzak aralykdan işlemegiň hem ýaýbaňlanmagy bilen ýokary girdejili ýurtlardaky iri kompaniýalar buhgalteriýa, grafik dizaýny, programma üpjünçiligi ýaly hyzmatlary daşary ýurtlardan has köp import edip başlapdyr. Bu bolsa, sanly söwdanyň görnetin artmagyna getiripdir.
Bägül Durdyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.