Nemes dili jemgyýetiniň (GfdS) wekilleri “Krisenmodus” adalgasyny (“çökgünlik düzgüni”) 2023-nji ýylyň sözi diýip mälim etdi.
“Krisenmodus” – 2023-nji ýylyň sözi. Bu karar Wisbadendäki Nemes dili jemgyýetiniň (GfdS) emin agzalary tarapyndan kabul edildi. “Çökgünlikler elmydama bolupdy. Ýöne bu ýyl çökgünlikler iň ýokary derejä ýetdi” diýlip, guramanyň resmi web sahypasynda bellenildi.
Häzirki wagtda Germaniýada howanyň üýtgemegi, energiýa çökgünligi, inflýasiýa, karz çökgünligi, bilim çökgünligi, migrasiýa çökgünligi, saglygy goraýyş ulgamyndaky we ýaşaýyş jaý bazaryndaky çökgünlikler barada giňden gürrüň gozgalýar.
2022-nji ýylda “Zeitenwende” (“döwürleriň üýtgemegi”) ýylyň sözi diýlip yglan edilipdi. Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols Germaniýanyň Bundestagynyň wekilleri bilen söhbetdeşlikde şu adalgany ulanypdy.
Nemes dili jemgyýeti, Germaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän iň möhüm dil birleşiklerinden biri hasaplanýar. Gurama nemes dilini öwrenmek we goldamak bilen meşgullanýar.