Türk­men hal­ky­nyň en­çe­me ýyl­lyk ta­ry­hy be­dew­le­r bi­len üz­nük­siz bag­ly­dyr. Ýur­du­myz­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň bel­le­nil­me­gi äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy buý­san­dyr­ýar, ne­sil­le­riň kal­byn­da mil­li mi­ra­sy­my­za eg­sil­mez söý­gi­ni ke­ma­la ge­tir­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ryn­da göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan türk­men­le­riň be­dew­le­ri­ baý­ly­gyň, ro­waç­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de eziz­län­di­gi ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­lar beril­ýär. Golaýda türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän ahal­te­ke be­dew­le­ri ba­bat­da ÝU­NES­KO-dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň şu ýy­lyň 5-nji de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len 18-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi esa­syn­da «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­ we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri» ÝUNESKO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu hoş ha­bar he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da äh­li hal­ky­myz­da uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di.
Owa­dan­ly­gy, ýüw­rük­li­gi hem üşük­li­li­gi dün­ýä­de yk­rar edi­len ahal­te­ke at­la­ry­nyň we at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň bu gün­ki ýe­ten be­lent de­re­je­si, il­kin­ji no­bat­da, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Mu­nuň özi dün­ýä gym­mat­lyk­la­ry­na uly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň at­şy­nas­lyk däp­le­ri­niň be­len­de gö­te­ril­me­gi ug­run­da tu­tum­ly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Bu ta­ry­hy wa­ka müň­ler­çe ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan at­çy­lyk sun­ga­ty­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da beý­gelt­mek ug­run­da yl­my hem me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­my­zyň ýe­ne-de bir ýeň­şi­dir.
Ýur­du­myz­da her ýy­lyň ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my bel­le­nil­ýär. Di­ýa­ry­myz­da at­çy­lyk spor­tu­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne, ahal­te­ke be­dew­i­niň ta­ry­hy wa­ta­nyn­da be­dew­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly mil­li ýö­rel­ge­le­riň bü­tin dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň dö­re­dil­me­gi da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ýa­zy­lan ki­tap­la­ryň, yl­my we dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­niň dür­li dil­ler­de ne­şir edil­me­gi bol­sa hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len be­dew­le­riň ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, at-ab­ra­ýy­ny äle­me jar et­mek­de, ahal­te­ke at­la­ry­nyň muş­dak­la­ry­ny, se­ýis­le­ri­ni, at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan hü­när­men­le­ri hem-de äh­li be­dew jan­kö­ýer­le­ri­ni bi­r-bi­ri­ne ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Ar­ka­dag şä­he­rin­de Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň, At­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň, Gö­rog­ly adyn­da­ky döw­let at­çy­lyk sir­ki­niň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň hä­zir­ki wagt­da ahal­te­ke be­de­wi­ni gel­jek ne­sil­ler üçin aýaw­ly sak­la­ýan iri hal­ka­ra mer­kez bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da «Ahal­te­ke at­la­ry – pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­le­ri» at­ly ÝU­NES­KO klu­bu­nyň dö­re­dil­me­gi hem bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan ta­gal­la­la­ryň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ru­hu­na we­pa­ly hal­ky­myz üçin ahal­te­ke be­de­wi gö­zel­li­giň nus­ga­sy, ylym we dö­re­di­ji­lik üçin yl­ham çeş­me­si, sport hem sag­lyk, döw­rü­mi­ziň dep­gin­li ösü­şi­niň ny­şa­ny bol­mak bi­len, dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar.

Ogul­şe­ker GUR­BAN­MY­RA­DO­WA,
Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky Ar­ka­dag şä­her mu­gal­lym­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň ta­ly­by.