Ýaş­lar – ýur­duň gel­je­gi, ýag­ty er­tir­le­re bo­lan yna­my­myz. Şo­ňa gö­rä-de, bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň yg­ty­bar­ly gel­je­gi­ni üp­jün et­mek üçin ylym­ly-bi­lim­li, ýo­ka­ry hü­när­li ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek, ýaş­la­ry il­ha­lar yn­san­lar edip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da edil­ýär. Ola­ra döw­re­bap de­re­je­de bi­lim al­mak­la­ry, ylym we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş ra­ýat­la­ry­my­zyň do­ly de­re­je­li hu­kuk we dur­muş go­rag­ly­ly­gy üp­jün edi­lip, ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.
Öz­le­ri ha­kyn­da edil­ýän ala­da­la­ra my­na­syp jo­gap ber­mek bi­len, bu gün ýaş­la­ry­myz döw­let, hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da, hu­su­sy ul­gam­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler, dur­muş ugur­ly döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy­na iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Bu bol­sa ýaş­la­ryň is­len­dik döw­le­tiň yk­dy­sa­dy ösü­şin­de hem aý­ra­tyn orun tut­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik gel­je­gi­niň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne has-da yh­las­ly oka­mak, öw­ren­mek, dö­ret­mek we bil­di­ril­ýän yna­ma my­na­syp bol­mak türk­men ýaş­la­ry­nyň baş mak­sa­dy, mi­ze­mez ýol-ýö­rel­ge­si­dir.
Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2023-nji ýyl «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň has-da da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň ala­ma­ty­na öw­rül­di. Bu bol­sa döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň öz­bo­luş­ly ug­ry hök­mün­de ýaş ne­sil­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni giň­den aç­ma­gy, ola­ryň ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni na­zar­da tut­ýar. Ýaş­la­ryň döw­let de­re­je­sin­de jem­gy­ýet­çi­lik we­zi­pe­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bu nes­liň we­kil­le­ri­niň ýur­duň ösüş-öz­gert­me­le­ri­ni döw­re­bap de­re­je­de my­na­syp do­wam et­dir­mek­le­ri üçin ze­rur şert­le­ri ýo­la goý­mak mak­sat­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de ýurt­da mö­hüm iş­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ga­zan­ýan ta­ry­hy üs­tün­lik­le­ri­miz­de ýaş­la­ry­my­za uly orun de­giş­li­dir. Bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz ata Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga öz my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.
Şu ýyl­da bi­lim­de, ylym­da, sport­da, me­de­ni­ýet­de, se­na­gat­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da ýaş nes­liň we­kil­le­ri­niň uly üs­tün­lik­le­re eýe bo­lan­dy­gy­ny, di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da, olim­pia­da­lar­da-da döw­le­ti­mi­ziň tu­gu­ny be­lent­de par­la­dyp, uly ýe­ňiş­le­ri ga­za­nan­dyk­la­ry­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp ge­çen hor­mat­ly Prezidentimiz ýy­lyň ahy­ryn­da ýaş­la­ryň da­ba­ra­ly mas­la­ha­ty­ny we ser­gi­si­ni ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da türk­men ta­lyp­la­ry hal­ka­ra bi­lim olim­pia­da­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Go­laý­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ri­lip, on­da hem ýaş türk­men tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş edip, 5 al­tyn, 6 kü­müş we 4 bü­rünç me­da­lyň eýe­le­ri bol­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di­ler.
Ýa­kyn­da on bir aýyň do­wa­myn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň me`j­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri dür­li hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, je­mi 739 me­dal ga­za­nyp ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny tä­ze de­re­je­le­re gö­ter­di­ler di­ýip bel­le­di.
Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň ata-ba­ba­la­rymyzyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri hem-de hä­zir­ki za­man jem­gy­ýet­çi­lik ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da my­na­syp dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýaş­la­ryň äh­li ba­bat­da döw­let dur­mu­şyn­da uly or­nu­nyň bol­ma­gyn­da aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan ýur­duň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ul­gam­la­ryn­da, şol san­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa, oba ho­ja­ly­gy, ma­li­ýe-bank ul­ga­myn­da we beý­le­ki pu­dak­la­ýyn ugur­lar­da ze­hin­li, ba­şar­nyk­ly ýaş­la­ryň zäh­met çek­me­gi­niň ile­ri tu­tul­ýan iş­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek bo­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýaş­lar ha­kyn­da ed­ýän ala­da­la­ry ýaş­la­ryň di­ňe bir bi­lim-ter­bi­ýe al­mak­la­ry­ny, hü­när öw­ren­mek­le­ri­ni ga­zan­mak bi­len çäk­len­me­ýär. Olar ýaş­lar­da ru­hy-ah­lak, me­de­ni gym­mat­lyk­la­ra, ha­lal zäh­me­te, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne söý­gi dö­ret­mek, ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek, jem­gy­ýet­çi­lik we şah­sy baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak ýa­ly ugur­la­ry hem öz içi­ne al­ýar.
Goý, ýaş­la­ry Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy ha­sap­la­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Bag­da­gül Ýu­su­po­wa,
Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň Mag­tym­gu­ly et­ra­by­nyň po­li­si­ýa bö­lü­mi­niň po­li­si­ýa­nyň ýer­li we­kil­le­ri bö­lüm­çe­si­niň Kä­mil­lik ýa­şy­na ýet­me­dik­le­riň işi bo­ýun­ça bö­lü­mi­niň gö­zeg­çi­si, po­li­si­ýa­nyň uly leý­te­nan­ty.