Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz sy­ýa­sy ul­gam­da uly ösüş­ler ga­zan­ýar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da­ky çöz­güt­le­ri we da­şa­ry sy­ýa­sy ýö­rel­ge­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýar.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek işi­ne uly go­şant goş­ýar. BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­lent yn­san­per­wer­lik tag­ly­mat­la­ry bo­lan döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, ada­lat­ly, deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ry alyp bar­mak, bi­rek-bi­re­giň me­de­ni­ýe­ti­ne we öz­bo­luş­ly ösü­şi­ne hor­mat goý­mak Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryn­da baş ýö­rel­ge­ler­dir.
«Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022 – 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly dü­züm­ler bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da BMG-niň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň BMG-niň Ilat we ösüş bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy hem döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki be­lent ab­ra­ýy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 8-nji de­kabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Hö­kü­met mej­li­sin­de BMG-den ge­lip gow­şan bu hoş ha­ba­ryň Türk­me­nis­tan­da her bir ra­ýa­tyň bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­magy ug­run­da edil­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ryň bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­di­gi­ni, her bir gü­ni ösüş­le­re bes­len­ýän Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yn­san­per­wer dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä­de uly gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir ny­şa­ny­dy­gy­ny bel­le­di.
Hä­zir­ki gü­ne çen­li Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 20-ä go­laý Ka­rar­na­ma­ny dür­li ugur­larda ka­bul eden­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­ly­gy­na yzy­gi­der­li saý­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lanyna 28 ýyl dol­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­na se­bit­de we hal­ka­ra de­re­je­sin­de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň aý­ryl­maz bö­le­gi we mö­hüm şer­ti hök­mün­de ga­ral­ýar.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tek­li­bi bo­ýun­ça 2007-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy, şeý­le-de 2017-nji ýy­lyň 2-nji few­ra­lyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­sin­de 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi eziz Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň anyk su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Gü­la­ýym HAN­GEL­DI­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.