Şu ýy­lyň 5-6-njy ýan­wa­ryn­da hormatly Prezidentimiz Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Şu ýyl Hy­taý bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 10 ýyl dol­dy.
Te­bi­gy ga­zyň baý gor­la­ry­na eýe bo­lan Türk­me­nis­tan Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ry­ny bu gym­mat­ly ha­ryt­lyk çig mal bi­len üp­jün et­mek ba­bat­da uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Ýurdumyzyň «ma­wy ýan­gy­jyň» gor­la­ry babatda dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­me­gi mu­ňa do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gyn­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
2009-njy ýy­lyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­tan-Hy­taý stra­te­gik gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­la­nyp, ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­ziň ýurt­la­ry­myz üçin ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­tan-Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň üç şa­ha­sy­nyň (A,B we C) ge­çi­ri­ji­lik uky­by 55 mil­liard kubmet­re ba­ra­bar bo­lup, bu gaz ge­çi­ri­ji türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň ýyl­da 40 mil­liard kubmet­ri­ni iber­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Şun­da bu gaz ge­çi­ri­ji­niň dör­dün­ji şa­ha­sy­ny gur­mak ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Hy­ta­ýyň Mil­li ne­bit­gaz kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň (CNPC) «Bag­ty­ýar­lyk» şert­na­ma­la­ýyn çä­gin­de ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mä­ge hem-de dün­ýä­niň iň iri gaz ýa­tak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni öz­leş­dir­me­giň il­kin­ji tap­gy­ry­nyň tas­la­ma­sy­na iş­jeň gat­naş­ma­gy gaz pu­da­gyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň anyk my­sa­ly­dyr.
Şeý­le hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da türk­men te­bi­gy ga­zy Türk­me­nis­tan–Öz­be­gis­tan–Ga­za­gys­tan–Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si ar­ka­ly dost­luk­ly Hy­ta­ýa ibe­ril­ýär. «Gal­ky­nyş» kä­ni­niň bu gaz ge­çi­ri­ji­niň çig mal çeş­me­le­ri­niň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni aýt­mak ge­rek.
Türk­me­nis­tan bi­len Hy­taý gaz ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­di­rer. Bu ba­bat­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň berk bin­ýa­dy Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň ara­syn­da gol çe­ken Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­da go­ýul­dy. «Ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň we Hy­ta­ýyň ara­syn­da gaz bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gynyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ta­rap­lar top­lum­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň bu ug­run­da – önüm­çi­lik­de, tur­ba­ge­çi­ri­ji­ler arkaly ak­dyr­mak­da, söw­da­da, ma­li­ýe­leş­dir­mek­de we teh­ni­ki üp­jün­çi­lik­de ül­ňü­si dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Öza­ra dü­şü­niş­mek, ak­ýü­rek­li­lik, açyk­lyk we öza­ra bäh­bit­li ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, Ta­rap­lar mun­dan beý­läk-de he­re­ket ed­ýän şert­na­ma­la­ry do­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rer­ler, gaz hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri iler­le­der­ler, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni se­na­gat taý­dan iş­läp geç­me­giň ikin­ji tap­gy­ry­ny, «Türk­me­nis­tan–Hy­taý» gaz­ge­çi­ri­ji­si­niň D ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­ny we beý­le­ki bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gy çalt­lan­dy­rar­lar, gaz se­na­ga­tyn­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­di­rer­ler» diý­lip Be­ýan­na­ma­da bel­le­nil­ýär.
2013-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ha­kyn­da Bi­le­lik­dä­ki Jar­na­ma gol çe­ki­lip, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne çy­kyl­dy. Ýur­du­myz­da Hy­ta­ýyň öz ma­ýa­dar­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da on­lar­ça kär­ha­na­ gu­rul­dy we düýp­li gur­lu­şyk iş­le­ri hä­zir­ki wagt­da hem do­wam et­di­ril­ýär, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň hü­när­men­le­ri Gün­ba­tar Türk­me­nis­tan­da ne­bit ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge gat­naş­ýar­lar.
Gel­jek­de-de uzak­möh­let­le­ýin we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da kö­pa­syr­lyk türk­men-hy­taý dost­luk­ly hyz­mat­daş­lyk esa­syn­da gat­na­şyk­lar yzy­gi­der­li ber­ki­di­ler.

Gy­zyl­gül AMA­NO­WA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.