Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar.
2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň – Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys – diýip bellemegi, ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenen. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi olaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, mukaddes Watana akýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge we ökde hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Sebäbi ylym-bilim bilen üstünlikli hem ýeňişli ýollar geçilýär. Hut şonuň üçinem ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak baradaky işler munuň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda konsepsiýalaryň, maksatnamalaryň kabul edilmegi we düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ylym-bilim ulgamynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz: « Ylym ýaşlaryň özlerine, şu gününe we geljegine bolan ynamyny ösdürýär. Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» – diýýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň talyp ýaşlary we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygynda olara ýüzlenip – Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz – diýip belledi. Bu sözler türkmen ýaşlaryna ylym-bilim ulgamyna dünýä tejribesini öwrenmekde, ony durmuşa ornaşdyrmak babatda täze teklipleri taýýarlamakda, ýurdumyzyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmakda ruhy güýç berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bolmagy üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Çünki buýsanyp aýdyşymyz ýaly, ýaşlar – biziň şu günümiz, geljegimiz. Olaryň amala aşyrýan işlerinden döwrümiz, ömrümiz gülleýär. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Rejepnazar TAGANOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary.