10-12-nji dekabr aralygynda Müsürde geçirilen ählumumy saýlawlarda ýeňiş gazanan häzirki Prezidenti Abdel Fattah al-Sisi ýakyn alty ýylda ýene-de ýurduň Prezidenti bolar. Prezident saýlawlarynyň resmi netijeleri Müsüriň Milli saýlaw topary tarapyndan mälim edildi.
-Müsüriň daşynda we çäklerinde geçirilen umumy ses berişlige gatnaşan saýlawçylaryň 89,6%-i Abdel Fattah al-Sisä ses berdi – diýip, milli saýlaw toparynyň başlygy Hazem Badawi aýtdy. Jemi 39 million 702 müň 451 müsürli häzirki Prezidente ses berdi.
Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ählumumy Prezident saýlawlaryna 67 milliondan gowrak saýlawçynyň 70%-i gatnaşdy. – Prezident saýlawlaryna gatnaşyk ýurduň taryhynda iň ýokary derejede bolup, saýlawçylaryň 66,8%-ini emele getirdi – diýip, Badawi belledi. Müsüriň daşynda we ýurduň çäginde jemi 44,077,668 saýlawçy bu syýasy çärä gatnaşdy. Milli saýlaw komissiýasynyň başlygy, prezidentlige beýleki üç dalaşgäriň degişlilikde, 1,9% we 4,5% sese eýe bolandygyny belledi.
Abdel Fattah al-Sisi 2014-nji ýylda saýlawçylaryň 96,91% sesine eýe bolup, Müsüriň Prezidenti boldy. 2019-njy ýylyň aprelinde Müsürde Prezidentiň möhleti dört ýyldan alty ýyla çenli uzaldyldy we şol bir wagtyň özünde ýene-de bir gezek gaýtadan saýlanmak hukugy berildi. Şeýle hem al-Sisiniň prezidentlik ygtyýarlyklaryny 2024-nji ýyla çenli uzaldyp, üçünji möhlete gaýtadan saýlanmagyna mümkinçilik berýän “geçiş maddasy” girizildi. Mundan başga-da, düzedişlere laýyklykda, döwlet Baştutanynyň ygtyýarlyklary giňeldildi: kabul edilen pursatyndan başlap, Prezident Ýokary Konstitusiýa kazyýeti we baş prokuror ýaly kazylary bellemek mümkinçiligine eýe boldy.
2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabry aralygynda geçirilen saýlawlarda Abdel Fattah al-Sisi üçünji gezek we ýurduň häzirki Konstitusiýasyna laýyklykda, soňky gezek dalaşgär görkezildi.