Şazada Diananyň 1985-nji ýylda geýen köýnegi auksionda 1,14 million dollara satyldy. Bu baha moda pudagynda rekord dereje bolup, çak edilýän bahadan 11 esse ýokarydyr.
Bu ýerde gürrüň “balerinanyň” uzynlygyndaky gara mahmal agşam köýnegi barada barýar.
Köýnek moda dizaýneri Azak Azaguriniň topary tarapyndan tikildi. Uels şazadasy ony ilkinji gezek 1985-nji ýylda adamsy şazada Çarlz bilen Italiýa gezelenje gidende geýipdi. Diana, bu köýnek bilen 1986-njy ýylda Wankuwer simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşypdy. Ilkibaşda oňa 100 müň dollar baha kesdiler.