Kanadanyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça ministri Stiwen Gilbo 2035-nji ýyldan başlap, ýurtda benzin ýa-da dizel bilen işleýän ýeňil awtoulaglaryň satylmagyny gadagan etmegi meýilleşdirilýändigini aýtdy. Olaryň ýeri elektroulaglardyr zarýad berilýän gibridler bilen doldurylar. Maksat – CO2 zyňyndylaryny nol derejä çenli azaldylmagyny gazanmakdan ybarat.
Ýurtda eýýäm bu meýilnamany durmuşa geçirmek üçin taýynlyk görlüp başlandy we ol tapgyrlaýyn durmuşa geçiriler. Her bir awtoulag öndürijisi ilki bilen iň bolmanda elektrik hereketlendirijili ýa-da gibridli awtoulaglaryň az göterimini bazara hödürlemeli bolar. 2026-njy ýylda şeýle “eko-awtoulaglaryň” paýy 20%, 2027 – 25%, 2028 – 34%, 2029 – 43% we 2030 – 60% bolmaly. 2035-nji ýylda 100%-e ýetýänçä göterim ýokarlanar. Gilbonyň sözlerine görä, täze düzgünler diňe bir kiçi göwrümli modellere, sedanlara we hetçbeklere däl, eýsem ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara hem täsir eder.
Bu üýtgeşmeler 2025-nji ýyldan soň guruljak ýaşaýyş jaýlaryna hem täsir edip, olar zarýad beriş stansiýalaryny ýerleşdirmek üçin goşmaça güýçlere eýe bolar. Şeýle hem, döwlet satuw boýunça maksatnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren awtoulag öndürijilerine goldaw çärelerini gaýgyrmaz diýip, “CBS News” habar berýär.
Esasy Dünýä täzelikleri 2035-nji ýyldan başlap Kanadada diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglar satylar