Kuweýtiň täze Emiri Maşaal Al-Jaber Al-Ahmed Al-Sabah resmi taýdan ýurduň täze hökümdary boldy. Ol şu gün – 20-nji dekabrda Milli Mejlisde kasam kabul etdi diýip, “RIA Nowosti” habarlar gullugy habar berýär.
Öňki Emir Nawaf al-Ahmed al-Jaber al-Sabah 86 ýaşynda aradan çykdy. Ol 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri tagtda bolup, häzirki hökümdaryň uly doganydyr. Ol aradan çykandan soň ýurtda 40 günlük ýas yglan edildi.
-Halkymyzyň azatlyklaryny we olaryň bähbitlerini goramagyň, döwletimiziň çäklerinde parahatçylygy goramagyň hatyrasyna hyzmat etjekdigime kasam edýärin – diýip, Al Sabah kasam kabul ediş dabarasynda aýtdy.