Mongoliýanyň syýahatçylyk girdejileri ilkinji gezek ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetdi. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri ýurduň Daşky gurşaw we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
“2023-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Mongoliýa 600 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi. Bu döwürde şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Mongoliýa gelen syýahatçylaryň köpüsi rus, hytaý we günorta koreý syýahatçylarydy” diýlip, resmi beýanatda aýdylýar.
Häzirki wagtda Mongoliýanyň ykdysadyýeti, esasan, magdan gazyp almak we mineral baýlyklaryň eksportyna baglydyr. Syýahatçylyk pudagynyň ösüşi ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek üçin iň elýeterli çözgüt hasaplanýar.
Mongol hökümeti ykdysadyýetini giňeltmek we pandemiýa sezewar bolan syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin 2023, 2024 we 2025-nji ýyllary “Mongoliýa syýahat ýyllary” diýip yglan etdi.