“Fransiýanyň gözeli – 2024” bäsleşiginde ilkinji gezek 103 ýyldan soň kelte saçly gyz ýeňiji boldy. Bu hem bäsleşigiň dawa bilen tamamlanmagyna sebäp boldy. Bu barada “mail.ru” habar berýär.
Bäsleşikde, ýurduň Nor-Pa-de-Kale sebitinden gelen 20 ýaşly Ýewa Žil Fransiýanyň iň gözel gyzy hökmünde ykrar edildi. Ýewa öz ýeňşini dürli-dürlilik üçin gowy netije hökmünde baha berdi.
“Biz owadan gyzlary diňe uzyn saçly görmäge öwrenişipdiris, ýöne men androgin görnüşindäki gysga saçy saýladym. Hiç kim siziň kimdigiňizi öwretmeli däldir. Her bir zenan özboluşlylyga eýe” – diýip, Ýewa “Independent” gazeti bilen gürrüňdeşlikde belledi.
Fransiýalylaryň müňlerçesi Ýewanyň şeýle görnüşi saýlap almagyna geň galdy. Çünki Ýewa fransuz modasynyň däplerine eýerip, bäsleşige kelte saçda çykmagy makul bildi. Netijede emin agzalary bäsleşigiň dürli-dürlüligi görkezmek maksady bilen “adaty bolmadyk” kelte saçly gyzy saýlady.