Angliýanyň Liga Kubogy (EFL Cup) ýaryşynda ýarym finala çykan toparlaryň 3-si belli boldy. “Çelsi” öz meýdançasynda “Nýukasl” bilen duşuşdy. 16-njy minutda Wilsonyň goly esasynda öňe geçen garşydaşyna oýnuň 90+2-nji minutynda Mudrygyň goly bilen jogap beren “Çelsi” duşuşykdan soň penalti urgularynda 4-2 hasabynda üstün çykmagy başardy.
“Ewerton” bilen “Fulhamyň” arasyndaky duşuşykda ýeňiji 11 metrlik urgularyndan soň kesgitlendi. “Fulham” topary 41-nji minutda Kiniň awtogoly bilen 1-0 öňe geçdi. Ýer eýeleri 82-nji minutda Betonyň goly bilen hasaby deňledi. Esasy wagty deňlikde gutaran oýndan soň penalti urgularynda 7-6 öňe saýlanan “Fulham” taryhynda ilkinji gezek bu ýaryşda ýarym finala çykdy.
3-nji ligada çykyş edýän “Port Weýl” topary bilen 2-nji liganyň wekili “Middlsbronyň” arasyndaky oýunda myhmanlar Howsonyň (11), Rojersiň (23) hem-de Kruksuň (53) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy.
“Liwerpul” bilen “West Ham” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk şu gije geçiriler.