Italiýanyň Kubogy ýaryşynda 1/8 finalda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. “Serie A”-nyň soňky çempiony “Napoli” öz meýdançasynda “Frozinone” toparyndan 4-0 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy. “Frozinone” toparyna ýeňiş getiren gollary Barreneçea (65), Kaso (70), Çeddira (90+1 p) hem-de Harrui (90+5) derwezä girizdi. “Napoli” 65 ýyldan soň kubok ýaryşynda 4 gol aratapawudy bilen ýeňildi.

1/8 finalyň başga bir duşuşygy-da şu gije (“Inter”-“Bolonýa”) geçiriler.

1/8 finalyň 2 duşuşygy geçen hepdede geçirilip, Lasio” öz meýdançasynda “Jenoadan” Gundeziniň ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda üstün çykdy. “Fiorentina” bolsa “Parma” bilen duşuşyp, garşydaşynyň 2-0 (Bernabe 21, Bonni 23) öňe saýlanandygyna garamazdan, soňky 7 minutda hasaby deňläp (Nzola 83, Sottil 90 p), penaltileriň netijesinde ýeňiş gazandy

1/8 finalyň galan 4 duşuşygy (“Milan” – “Kaliari”, “Atalanta” – “Sassuolo”, “Roma” – “Kremoneze”, “Ýuwentus” – “Salernitana”) geljek ýylyň 2-3-4-nji ýanwarynda geçiriler.