Italiýanyň Kubogy ýaryşynda 1/8 finalyň başga bir duşuşygynda kubogyň häzirki eýesi “Inter” öz meýdançasynda “Bolonýa” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşygyň esasy wagty golsuz tamamlandy. Goşmaça wagtda, has takygy 92-nji minutda “Inter” Karlos Augusto bilen öňe geçse-de, “Bolonýa” yzly-yzyna 2 gol geçirip, çärýek finala çykmagy başardy. Gollary 112-nji minutda Beukema bilen 116-njy minutda Ndoýe derwezä girizdi. “Interden” öň “Napoli” topary-da öz meýdançasynda “Frozinoneden” 4-0 utulyp, ýaryşdan çykdy.