Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde Täze ýyly mynasyp garşylamaga taýýarlyk görülýär. Täze ýyl maşgala baýramçylygy hökmünde dünýäniň ähli künjeginde giňden bellenilýär.
Bu baýramyň golaýlaşýandygy hemme ýerde duýulýar. Söwda merkezleriniň, dükanlaryň tekjelerinde bezeg oýnawaçlary we dürli şarlar, emeli arçalar, geljek ýylyň nyşany – balygyň şekilleri peýda boldy. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda göçme söwda nokatlary öz işine başlady. Bu söwda nokatlarynda Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen ýumşak oýnawaçlar, dokma sowgatlyklar, türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen köp görnüşli azyk önümleri, dürli ölçegli gaplara gaplanan özboluşly sowgatlyklar gözüňi dokundyrýar. Olaryň ýokary hilli, bahasynyň bolsa amatly bolmagy bu ýerlere gelýän alyjylaryň baýramçylyk duýgularyny has-da goşalandyrýar.
Aýdyň geljegimiziň eýeleri bolan körpeleriň Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşyp, olara köňüllerinde beslän arzuwly hatlaryny ýollamagy, dürli öwüşginli oýnawaçlar bilen birkemsiz bezelen arçanyň töwereginde goşgudyr aýdymlary aýdyp, el tutuşyp aýlanmaklary bu baýramçylygyň iň arzyly pursatlaryny özünde jemleýän özboluşly nyşanydyr. Bagtyýar çagalaryň ýylboýy garaşan Aýazbaba bilen Garpamygy alys ýurtlardan aşyp, ajaýyp bezelen paýtunynda paýtagtymyzyň «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň daşynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şeýlelikde, Aýazbaba bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen mähirli gutlap, Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Şol pursat bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküsi daş-töweregi gurşap aldy. Aýazbaba hem-de Garpamyk körpeler bilen gol tutuşyp, çar ýana ýalkym saçyp duran Baş arçanyň daşyndan aýlandylar, Täze ýyl baýramyny wasp edýän aýdymlary aýtdylar we tans edip şatlandylar. Baýramçylyk şowhunyny belende göteren dabara oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy.
Dürli-dürli bezeg we yşyklandyryjy serişdeleriň müň dürli görnüşleri bilen bezelip, şugla saçýan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda şowhunly çäreleri geçirmäge hem-de bu ýerde surata düşmäge türkmen paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gelýärler. Täze ýyl baýramynyň şatlyk-şagalaňy halkymyzyň ajaýyp üstünlikleriniň, bagtyýar durmuşynyň, röwşen geljeginiň alamaty bolup, kalplara ýalkym saçýar. Ýürekleri joşgunly, ýüzleri şatlykly ildeşlerimiz, ata Watanymyzyň baýramçylyk keşbi, ajaýyp güllerden boglan sowgat çemeni mysaly gözüňi dokundyrýan Täze ýyl arçalary, olaryň töweregine dolan adamlary gurşap alan agzybirlik kalbyňda ýakymly duýgulary döredýär.
Goý, ýetip gelýän Täze – 2024-nji ýyl hem Watanymyz we halkymyz üçin parahatçylygyň, rowaçlygyň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun!
Ogulsapar MUHAMMETOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň kitaphanaçylyk işiniň hünärmeni.