Nikalaşmak iki adamyň durmuşyny birleşdirýän iň möhüm kararlaryň biridir. Maşgala bolmak bilen iki ýaş juwanyň arasynda baglanyşyk emele gelip, uzak ýyllaryň dowamynda bagtly ýaşamak üçin uly tagalla edilýär. Bilermenler ýanýoldaşyň bilen düşünişip, bagtly durmuşda ýaşamagyň syrlaryny şeýle beýan edýärler.
Diňlemek. Diňlemegi başarmak sungat bolup, ýanýoldaşyň aýdanlaryna düşünmegi we jogap bermegi başarmaly. Düşünişmezlikleriň köpüsi derdiňi aýdyp bilmezlik, diňläp düşünmegi başarmazlyk bilen ýüze çykýar. Şol sebäpli, ýoldaşyň diýýän sözlerini diňe bir eşitmek däl, duýgularyň bilen kabul etmek gerek.
Dogruçyllyk we duýgularyňy paýlaşmak. Özüňi dogruçyl alyp barmak we duýgularyňy paýlaşmak maşgala gatnaşygynyň esasyny düzýän ynamy güýçlendirmäge ýardam edýär. Ynam özara gatnaşyklaryň esasy sütüni bolup, bagtyýar geljegi üpjün edýär. Özüňi bagtyýar, aladaly ýa-da gaharly duýýandygyňyza garamazdan, duýgularyňy paýlaşmaly. Bu rahatlanmaga, birek-birege has-da ýakynlaşmaga we maşgala gatnaşyklaryny berkitmäge kömek edýär.
Özara tankyda dogry düşünmek. Maşgalada düşünişmezlikleriň bolmagy tebigy zat. Bu ýagdaý, esasan hem, kemçilikleriňi bilmezlik esasynda ýüze çykýar. Şol sebäpli maşgalada ýüze çykýan kemçilikleri bir-biriňi kemsitmezden, ýumşak äheňde düzetmeli. Esasy zat hem birek-biregiň ýalňyşlyklaryny gözlemeli däl-de, meseläniň ýüze çykmagyna sebäp bolan ýagdaýy anyklamaly. Ýalňyşy gaýtalamazlyga synanyşmaly. «Men» ýa-da «Sen» diýen sözleriň ýerine «Biz» diýen jümläni ulanmaly.
Hal-ahwal soraşmak. Bir öýde ýaşalýan hem bolsa, iş-alada bilen bolup, kähalatda hal-ahwal soraşmagy we gürrüňleşip oturmagy ýatdan çykarýarys. Bu ýagdaý maşgalada sowuk-salalyga getirip biler. Şol sebäpli birek-birekden hal-ahwal soramagy, gepleşip oturmagy ýatdan çykarmaly däl. Hal-ahwal soraşmak alada edilýändiginiň alamaty bolup, maşgala gatnaşygyny has-da berkidýär.
Hormat goýmak we minnetdarlyk bildirmek. Edilýän alada üçin minnetdarlygyňyzy yzygiderli beýan ediň! Agşamlyk naharyndan soň, naharyň tagamly bolandygyny eşitmek, öýe getirilen haýsydyr bir önüm üçin hoşallyk bildirilýändigini duýmak hemmämiz üçin ýakymly bolsa gerek. Minnetdarlyk oňyn duýgulary döredip, agzybirligi saklamaga we biri-biriňe bolan hormatyň artmagyna ýardam edýär.