2023-nji ýy­lyň iň go­wy şä­her­le­ri­niň sa­na­wyn­da ikinji or­ny eýe­län Du­baý dür­li mil­let­ler­den bo­lan ýa­şaý­jy­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu şä­her­dä­ki däp-des­sur­lar hem dür­li-dür­li bo­lup, arap me­de­ni­ýe­ti­ne öz­bo­luş­ly­lyk ber­ýär. Du­baý­da di­ňe bir me­de­ni däp-des­sur­lar­da däl, eý­sem, şä­her gast­ro­no­mi­ýa­syn­da hem köp dür­li hö­dür­na­ma­ny gör­mek bol­ýar. Ada­ty aş­ha­na ta­gam­la­ry, ýer­li na­har­lar we li­wan aş­ha­na­syn­da taý­ýar­lan­ýan ta­gam­lar şä­her­de iň ha­lan­ýan iý­mit gör­nüş­le­ri ha­sap­lan­ýar. Du­baý­da, esa­san hem, hin­di res­to­ran­la­ry ag­dyk­lyk edip, gök önüm sö­ýü­ji­ler bu ýer­de is­len­dik ta­ga­my sar­gyt edip bil­ýär­ler. Du­baý­da soň­ky ýyl­lar­da li­wan, ital­ýan we Uzak Gün­do­gar ta­gam­la­ry has ýör­gün­li bo­lup, na­har sa­na­wyn­da şu iý­mit­le­re uly is­leg bil­di­ril­ýär.
«Matchbous Mak­bus». Du­baý­da ýer­li ila­tyň iň go­wy gör­ýän ta­gam­la­ryn­dan bi­ri bo­lan «Matchbous Mak­bus» gow­ru­lan go­ýun eti­dir ýa-da ba­ly­gy tü­wi­niň üs­tü­ne go­ýup, bug­la­mak bi­len taý­ýar­lan­ýar. Ga­zan­da açyk ot­da bi­şi­ril­ýän pa­la­wa meň­zeş bu ta­ga­ma gu­ra­dy­lan ir-iý­miş­ler hem go­şul­ýar.
«Ghu­zi». Uly bö­lek guzy eti bi­len tü­wü­den ga­ry­lyp bi­şi­ril­ýän «ghu­zi» be­du­in­le­riň (çar­wa) mil­li ta­ga­my bo­lup, üs­tü­ne gök ot­lar goý­lup hö­dür edil­ýär. Hoş­boý ys be­ri­ji­ler hem go­şul­ýan bu ta­gam sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň go­wy gör­ýän naharlarynyň bi­ri­dir.
«Man­di». Gow­ru­lan to­wuk eti­niň üs­tü­ne tü­wi goý­lup, ha­ýal­jak ot­da bi­şi­ril­ýän bu ta­gam po­mi­dor go­ýult­ma­sy, ga­tyk we hoz bi­len bi­le­lik­de hö­dür edil­ýär. Man­di Ýe­men­de dö­rän ta­gam bo­lup, giň ýal­pak ta­ba­ga sa­lyp, el bi­len iý­mek ýör­gün­li däp ha­sap­lan­ýar.
«Shur­ba Ad­dis». Du­baý­da iň köp iýil­ýän ta­gam­la­ryň bi­ri bo­lan Ad­di­siň çor­ba­sy­na dür­li gör­nüş­li gök önüm­ler bi­len bir­lik­de et we mek­ge­jö­wen hem go­şul­ýar. Ýer­li ila­tyň mil­li ta­gam­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan bu çor­ba hoş­boý ys be­ri­ji­ler hem go­şul­ýar. Ad­di­siň çor­ba­sy Du­baý­da­ky äh­li res­to­ran­lar­da taý­ýar­lan­ýar.
«Fa­la­fel». Ow­ra­dy­lan no­hut bi­len kün­jü­den mynç­gy­la­nyp, tok­ga­lap gow­rul­ýan fa­la­fel Ýa­kyn Gün­do­gar aş­ha­na­sy­nyň iň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Esa­san hem, mü­sür we li­wan aş­ha­na­la­ryn­da bu iý­mi­ti taý­ýar­la­ma­ga has köp üns be­ril­ýär. «Gow­ru­lan top­ja­gaz» hem di­ýil­ýän bu ta­ga­ma çö­rek owun­tyk­la­ry­dyr duz­la­nan gök önüm­ler hem go­şu­lyp, gök ot­lar bi­len bi­le­lik­de hö­dür edil­ýär. Fa­la­fel Du­ba­ýyň kö­çe ta­gam­la­ry­nyň iň meş­hur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
«Umm Ali». Du­ba­ýyň iň meş­hur de­ser­ti bo­lan «Umm Ali» Or­ta asyr­lar­da Mü­sür­de dö­räp­dir. Şol se­bäp­li Mü­sür me­de­ni­ýe­tin­de we halk dö­re­di­ji­li­gin­de bu süý­jü­lik bi­len bag­ly ro­wa­ýat­lar­dyr eser­le­re duş gel­mek bol­ýar. Adat­ça Re­me­zan aýyn­da we toý da­ba­ra­la­ryn­da hö­dür edil­ýän bu süý­jü­lik çö­rek ýa-da kö­ke owun­ty­gy­na pis­se, ko­kos ýa­gy, kiş­miş we köp muk­dar­da şe­ker go­şu­lyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu de­sert üs­tü­ne gaý­mak ýa-da süýt guý­lan­dan soň, dal­çyn se­pip, ho­wur­peç­de bi­şi­ril­ýär. «Umm Ali­ni» gyz­gyn­ly­gy­na ýa-da so­wa­dyp hem iýip bol­ýar.