Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýüzbe-ýüz bolunýan meseleleriň biri hem awtoulagyň aýnasynyň doňmagydyr. Kähalatlarda bir ýere gitmek üçin awtoulagyň ýanyna gelenimizde ulagyň penjireleriniň buz bilen örtülendigini görýäris. Eýsem, gysga wagtyň içinde aýnany nähili arassalamaly? Aýnanyň buzuny zyýan ýetirmezden nädip eretmeli?
Ilki bilen ulagy işletmeli. Soňra ulagyň içindäki çygly howany aýyrmak üçin gyzdyryjyny açmaly. Mümkin bolsa, gyzgyn howany üfleýjileri aýna tarap bakdyrmaly. Gapylary ýapyp, biraz garaşmaly. Aýna ýapyşan çygly gatlak ýuwaş-ýuwaşdan eränden soň, aýnanyň daş ýüzünden suw pürküjide suw sepip, buz gatlagyny eretmeli. Aýna sepilýän suwuň doňmazlygy üçin ýuwujy serişde goşup, köpürjikli suw hem taýýarlap bilersiňiz. Soňra awtoulag süpürmek üçin ýörite taýýarlanan mikrofiber süýümli süpürgiç bilen aýnany mazaly arassalamaly. Awtoulagyň aýnasy suwy özüne çekiji ýörite esgi bilen süpürilse talabalaýyk bolar. Ulagyň aýnasyny awtoulagy gyzdyrmazdan ýa-da suw sepip ýumşatmazdan öň arassalamak maslahat berilmeýär. Şeýle ýagdaýda aýna çat açyp ýa-da döwlüp biler.
Gyş paslynda, esasan hem, ýagynly günlerde awtoulagy daş-töweregi ýapyk awtoduralgada goýmak maslahat berilýär. Her gün ugramazdan öň ulagyňyzyň aýnasyny arassalamak ýüze çykyp biljek ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga ýardam edýär.