Mongoliýada parlament saýlawlary 2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda geçiriler. Bu karar Ulan-Batorda Beýik Döwlet Huralynyň (parlament) umumy mejlisinde kabul edildi. Bu barada ýongol parlamentiniň metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümi habar berdi.
Mongoliýanyň ilatynyň 2024-nji ýylyň iýun aýynda ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organyna 126 deputat saýlamagyna garaşylýar. Mažoritar saýlaw ulgamy boýunça 78 deputat, galan 48-si proporsional ulgam boýunça saýlanar.
Mongoliýada soňky parlament saýlawlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda geçirildi.
Saýlawlar diňe 50% saýlawçy gatnaşan ýagdaýynda dogry we ygtybarly diýlip ykrar edilýär. Mongol 18 ýaşyndan ses berip bilerler. 25 ýaşdan uly raýatlar parlament saýlawlaryna dalaşgärlik edip bilerler.
Mongoliýa Gündogar Aziýada ýerleşip, demirgazykda Russiýa we günortada Hytaý bilen serhetleşýän döwlet. Mongoliýa deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň biridir. Şeýle-de Mongoliýa dünýäde ilatyň gürlügi has az bolan ýurtlaryň biridir. Bu ýurt BMG-niň ähli gurluşlaryna, şeýle hem synçy hökmünde GDA-nyň käbir gurluşlaryna gatnaşýar. Milli statistikanyň maglumatlaryna laýyklykda, ilatyň sany 3 million 500 müň adama deňdir.