Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Real Madrid” öz meýdançasynda “Malýorkany” kynlyk bilen ýeňdi. Birnäçe pursaty elden gideren madridlilere ýeňiş getiren ýeke-täk goly 78-nji minutda Rüdiger geçirdi. “Real Madridiň” söbügini basyp barýan “Žirona” topary hemmäni geň galdyrmagyny dowam edýär. Şu wagta çenli diňe “Real Madridden” utulan “Žirona” çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan ýene bir kluby, “Barselonadan” soň “Atletiko Madridi” hem ýeňlişe sezewar etdi. 7 goluň geçirilen oýnunda Žirona 4-3 hasabynda ýeňiş gazandy. “Žironanyň” gollaryny 2-nji minutda Fernandes, 26-njy minutda Swio, 39-njy minutda Blind hem-de 90+1-nji Martin geçirdi. Ýer eýeleriniň her goluna Moratanyň gollary bilen jogap beren “Atletikonyň” ýyldyz hüjümçisiniň het-trigi ýeňşe ýetmedi.